“Türkmenawtoulaglary” agentligi täze häzirkizaman tahograflarynyň hasabyna ýük daşamagyň howpsuzlygyny ýokarlandyrar

“Türkmenawtoulaglary” agentligi uzak aralykdan gözegçilik etmek üçin täze häzirkizaman tahograflary ulanmak arkaly, ýurtda ýük daşamagyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmagy maksat edinýär – diýip, “Türkmenulaggözegçilik” döwlet kärhanasynyň saýtynda habar berilýär.

Munuň üçin agentlik täze enjamlary gurnamak boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän ýöriteleşen kompaniýalary gözleýär.

Tahograflar ulagyň hereket tizligini, ugruny, sürüjileriň iş we dynç alyş wagtyny awtomatik ýagdaýda gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär.

Alynýan maglumatlar sürüjileriň işine uzak aralykdan gözegçilik etmäge, ýüküň durmagynyň öňüni almaga, işgärlere iş ýüküniň sowatly paýlanmagynyň hasabyna ýük daşalyşynyň netijeliligini we olaryň ýolda howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.