Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bellenildi
Täjigistanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik guraldy.
Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçisi Aýmyrat Goçmyradow dabarada eden çykyşynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň möhümdigini belläp, onuň taryhy esaslaryna we häzirki zaman ösüşine ünsi çekdi. Aýratyn hem, golaýda guralan ýokary derejeli saparyň dowamynda gol çekilen Strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakyndaky Jarnamanyň uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Dabara hormatly myhman hökmünde Täjigistanyň Premýer-ministriniň orunbasary, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň täjik tarapynyň ýolbaşçysy Sulaýmon Ziýozoda gatnaşdy. Şeýle-de resmi kabul edişlige Täjigistanyň DIM-iniň wekilleri, ýurduň parlamentiniň deputatlary, diplomatlar, işewürler hem-de medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar.
Dabaranyň çäklerinde türkmen halkynyň medeniýetini, amaly-haşam sungatyny hem-de taryhy-medeni mirasyny açyp görkezýän sergi guraldy. Sergide Türkmenistanyň Prezidentiniň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplary we Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylary ýerleşdirildi. Şeýle-de dabara gatnaşyjylar türkmen aşhanasynyň tagamlaryndan datmaga hem mümkinçilik aldylar.