Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi
Aşgabatda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen mejlise ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar.
Forum başlamazyndan ozal, ýygnananlar binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam sungatynyň we fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, şekillendiriş sungatynyň, neşir önümleriniň, halyçylyk we heýkeltaraşlyk eserleriniň sergisini synladylar. Olarda türkmen alabaýynyň keşbi öz beýanyny tapýar.
Soňra merkeziň mejlisler jaýynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birleşigiň işine degişli meseleler girizildi.
Şeýle hem Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyna täze kabul edilen agzalara degişli şahadatnamalar, ýurduň öňdebaryjy kinologlaryna döwlet sylaglary gowşuryldy. Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar geljek üçin möhüm wezipeleri maslahatlaşyp, degişli çözgütleri kabul etdiler.
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy, Ulugdepede iş alyp barýan Türkmen-fransuz arheologik ekspedisiýasynyň ýolbaşçysy Julio Bendezu Sarmiento hem mejlisde çykyş etdi. Şeýle-de assosiasiýanyň agzalary — Türkiýe Respublikasynyň Artwin Çoruh uniwersitetiniň professory Murat Kibar hem-de Hytaý — Türkmenistan medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy, hususy itşynas An Jin Long sanly ulgam arkaly çykyş etdiler. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda dünýäniň medeni gymmatlyklaryna üns çekildi. Şunda türkmen topragynyň gadymy siwilizasiýalaryň we dünýä ähmiýetli medeni gymmatlyklaryň ojagydygy nygtaldy. Çykyş edenler Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň işine geljekde-de işjeň gatnaşmaga we türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmaga, türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Assosiasiýanyň düzümine kabul edilen daşary ýurtly itşynaslar — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan Mariýa Haýrullina we Ýekaterina Salimgaraýewa sanly ulgam arkaly Türkmen alabaýynyň baýramy bilen hemmeleri gutlap, uly ynam üçin hoşallyk bildirdiler.