Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda beýik şahyr we akyldar Alyşir Nowaýynyň 584 ýyllygy, şeýle hem beýik özbek şahyry, filosofy we taryhçysy Zahyreddin Muhammet Babyryň doglan gününiň 542 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Oňa institutyň rektory Maksat Çaryýew we Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow, şeýle-de Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň çakylygy boýunça daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Dabaranyň çäklerinde ýokary okuw mekdebiniň talyplary tarapyndan Alyşir Nowaýynyň we Zahyreddin Muhammet Babyryň edebi mirasynyň baý mazmunyny açyp görkezýän çykyşlar guraldy.

Dabaraly çärede myhmanlara türkmen-özbek hyzmatdaşlygy, şol sanda Alyşir Nowaýy we Zahyreddin Muhammet Babyryň döredijilik mirasy barada gymmatly maglumatlar berildi. Türkmen we özbek halklarynyň milli aýdym-sazlary, milli tanslary ýerine ýetirildi.

Dabaranyň barşynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Alyşir Nowaýy we Zahyreddin Muhammet Babyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp geçirilen «Dünýä edebiýatynyň ägirtleri» atly esse ýazmak boýunça bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Ýeňijilere degişli diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.