
Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we ÝB-niň daşary işler ministrleriniň 20-nji duşuşygy geçirildi
Şu gün Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşyga Türkmenistanyň, Täjigistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikalarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas gatnaşdylar.
Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri hem-de Samarkant şäherinde geçiriljek «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» formatyndaky ilkinji sammite taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň barşynda ÝB-niň «Global Gateway» başlangyjy esasynda durmuşa geçirilýän sanly, energetika we ekologiýa özgertmeleri amala aşyrmak boýunça çärelere hem üns çekildi.
Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary giňeltmek üçin bilelikde işlemegiň, şeýle hem «ýaşyl» ösüş, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi babatynda bilelikdäki çäreleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini tassykladylar.
Duşuşygyň jemleri boýunça «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki 20-nji ministrler duşuşygynyň Bilelikdäki beýanaty kabul edildi.
Şeýle-de duşuşygyň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasyna laýyklykda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak» atly çäre guraldy. Ministrler duşuşygyna gatnaşyjylaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler hem geçirildi.