"Türkmenistan" awiakompaniýasy çagalar üçin niýetlenen biletlere aksiýa girizýär

"Türkmenistan" awiakompaniýasy halkara ugurlar boýunça uçuşlaryny meýilleşdirýän Türkmenistanyñ raýatlary üçin ýörite aksiýa yglan etdi.

2025-nji ýylyñ 1-nji maýyndan 30-njy iýunyna çenli ýolagçylar aşaky ugurlar boýunça çagalar üçin niýetlenen biletlere hödürlenýän tekliplerden peýdalanyp bilerler:

Aşgabat - Kuala-Lumpur - Aşgabat

Aşgabat - Hoşimin - Aşgabat

Aşgabat - Bangkok - Aşgabat

Aşgabat - London - Aşgabat

Aşgabat - Frankfurt - Aşgabat

Aşgabat - Milan - Aşgabat

Aksiýa maşgala syýahatlary üçin amatly şertleri hödürläp, çagalar üçin niýetlenen biletlerde serişdeleri tygşytlamak mümkinçiligini berýär.

Ýolagçylar teklipler boýunça goşmaça we doly maglumatlary üçin Türkmenistanyñ çägindäki biletleriñ satylýan awiakassalaryna ýüz tutup bilerler diýip, awiakompaniýanyñ resmi saýtynda habar berilýär.