
Täze Balkanabat halkara howa menzili daşary ýurtly awia kompaniýalaryň uçarlaryna tehniki gonmalary amala aşyrmaga mümkinçilik berer
Ýaňy-ýakynda açylan Balkanabat halkara howa menzili dürli howa gämilerine, hususan-da, “Wolga-Dnepr”, “Awiatrans” we “Awiastar-TU” ýaly rus awia kompaniýalaryň ýük uçarlaryna tehniki gonmalary amala aşyrmaga mümkinçilik berer.
Bu barada MaxFlight kompaniýasynyň ýük daşamalar boýunça direktory Wladislaw Wolžanin “Türkmenistan” gazetine beren söhbetdeşliginde belledi. Wolžaniniň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň oňaýly geografiki ýerleşişi Aziýa, Afrika ýurtlaryndan we Hindistandan gatnawlary kabul etmek üçin amatly şertleri döredýär. Täze howa menzili tehniki gonmalary amala aşyrmaga has hem amatly.
MaxFlight kompaniýasy “Türkmenhowaýollary” awia kompaniýasynyň Russiýa Federasiýasyndaky edarasy bolup durýandygy barada belledi.