Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa hem-de «Hedaýa» Zorlukly ekstremizme garşy göreş boýunça öňdebaryjy tejribäniň halkara merkeziniň bilermenleri bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň howpsuzlyk ulgamyndaky özara gatnaşyklary bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Söhbetdeşler diňe serhet howpsuzlygyny berkitmäge däl-de, eýsem, sebitara hyzmatdaşlyga we umumy ösüşe ýardam edýän KADAP we BOMKA sebitleýin maksatnamalar barada hem aýratyn durup geçdiler.
Şeýle-de taraplar Ýewropa Bileleşiginiň «Straýw Aziýa» («STRIVE ASIA») sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Çäklerinde howpsuzlygy üpjün etmek, aýratyn möhüm desgalary goramak meselelerinde mümkinçilikleri ýokarlandyrmak we hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly köpsanly çäreler geçirilen «Merkezi Aziýada hukuk goraýyş işi» oýunça «LEICA» taslamasynyň (2020 — 2024) wajyplygy barada hem bellenilip geçildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar 2023-nji ýylda Lýuksemburgda kabul edilen Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça Ýol kartasy, şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň 20-nji duşuşygynda kabul edilen Bilelikdäki beýannama, geçen aýda Samarkantda geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Jarnama ýaly bilelikdäki resminamalaryň wajyplygyny nygtadylar diýlip, habarda bellenilýär.