Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri Ruse şäherine iş saparyny amala aşyrdylar

Erasmus+ maksatnamasynyň Halkara akademiki alyş-çalyş taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Bolgariýanyň Angel Kynçew adyndaky Ruse uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim ugurlarynda hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan Ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri aprel aýynyň soňky ongünlüginde Bolgariýa Respubliaksynyň Ruse şäherine iş saparyny amala aşyrdylar.

Saparyň maksady – 2021-2027-nji ýyllar üçin niýetlenen Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde akademiki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, bilim ulgamynda, okuwlaryň gurnalşy boýunça tejribe alyş-çalyşy, bilelikdäki bilim we ylym çärelerine gatnaşmagy, şeýle hem ýokary bilimiň halkara derejesinde ösdürilmegi çygrynda bilim edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygyň berkemegi bolup durýar.

Saparyň esasy çäreleriniň biri Türkmenistanyň wekiliýetiniň “Bilimiň sanlylaşdyrylmagy – meseleler we çözgütler” atly Üçünji halkara ylmy-amaly maslahatynyň işine gatnamagy bolup, ol ýerde bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, şeýle hem ýokary bilimiň sanlylaşdyrylmagyndaky wezipeler we geljekki mümkinçilikler bilen baglanyşykly derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň başlanmagyndan bir gün öň oňa gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygyň geljegi boýunça geçirilen “tegelek stol” maslahatyna gatnaşdylar. Bu ýerde Bolgariýanyň iň iri ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Angel Kynçew adyndaky Ruse uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda prorektor Galina Iwanowna uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirdi. Ol öz uniwersitetiniň Erasmus+ maksatnamasyny durmuşa geçirmekdäki tejribesi hem-de Erasmus+ maksatnamasynyň Halkara akademiki alyş-çalyş taslamasynyň (ICM) çäklerinde talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalşyny giňeltmek mümkinçiliklerini nazara almak bilen, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini ugur ediýändigini mälim etdi.

Esasy ara alyp maslahatlaşmalar bolsa forumyň özünde geçirildi. Hususan-da, onuň çäklerinde durnukly ösüş ýörelgeleriniň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy boýunça häzirki zaman tejribeler we gazanylan üstünlikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Uniwersitetleriň we ylmy merkezleriň arasynda hünär tejribe alyş-çalyşy boldy.

Aýratyn hem, maslahatyň barşynda gatnaşyjylaryň çykyşlary diňlenildi. Durnukly ösüş we bilim ulgamynda sanly özgertmeler meselelerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Diller kafedrasynyň müdiri Gadam Akmyradow çykyş etdi. Onuň “Durnukly sanly geljegiň üpjün edilmeginde “ýaşyl” özgertmeleriň ähmiýeti” atly temasy çärä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Gadam Akmyradow öz çykyşynda “ýaşyl” bilimiň ähli okuw maksatnamalarynyň, şol sanda ynsanperwer ugurlarynda, tehniki hünärlerde we inženerçilik ugurlarda aýrylmaz bölegi bolup durmalydygy barada belledi.

Çykyş edeniň aýtmagyna görä, bu işde ýokary okuw mekdepleriň orny has hem möhümdir. Häzirki wagtda hut Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýaly, ýokary okuw mekdepler sanly endiklerini daşky gurşawa bolan jogapkärçilikli gatnaşygy bilen utgaşdyrmaga ukyply täze hünärmenler neslini kemala getirýär. Çykyşda aýratyn üns ekologik temalaryň dil öwredilişine integrirlenmegine gönükdirildi.

Halkara forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “IT-Nurly şöhle” ylmy-okuw merkeziniň direktory Göwher Begmyradowa mazmunly çykyş etdi. Onuň temasynyň ady “Häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň döwlet gullukçylaryny hünär taýdan taýýarlamakdaky orny”. Göwher Begmyradowa öz çykyşynda sanly tehnologiýalaryň çalt ösüşi we elektron döwlet dolandyryşyna geçiş şertlerinde, hünärmenleri taýýarlamagyň adaty görnüşleriniň düýpli transoframsiýany talap edýändigini belledi. Onuň pikirne görä, häzirki zaman döwlet gullukçylary diňe bir esasy sanly ukyp-başarnyklara eýe bolman, eýsem işde maglumat ulgamlaryny netijeli ulanyp, seljeriş maglumatlaryň esasynda karar alyp hem-de döwlet serişdeleriniň kiber howpsuzlygyny üpjün edip bilmeli.

Şeýle hem, Göwher Begmyradowa “IT-Nurly şöhle” ylmy-okuw merkeziniň alyp barýan işi barada hem gürrüň berdi. Bu merkez häzirki zaman okuw platformalaryny we tehnologiýalary okuw prosesineişjeň ornaşdyrýar, interaktiw we uzak aralykda okatmak görnüşlerini ulanyp, okuw modullaryny taýýarlaýar.

Forumyň dowamynda giň pikir alyşmalar boldy, onuň barşynda gatnaşyjylar döwlet dolandyryş ulgamynyň sanly özgertmeleri boýunça iň gowy tejribeleri hem-de döwlet edaralarynyň işgärleriniň arasynda sanly medeniýeti döretmegiň çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşdylar.