
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg işleri dowam etdirilýär.
Welaýatlarda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek we bu ugurda bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen zerur çäreler görülýär.
Häkimler degişli maksatnamalara laýyklykda şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we häkimlere degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany häkimlere ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda welaýatlarda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurduň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutany welaýatlarda gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi hem-de ýekelemek we otag etmek işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, gowaça ideg etmekde oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde peýdalanmak üçin zerur çäreleri görmegi, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Şeýle-de ýazlyk ýeralma hem-de gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlara talabalaýyk ideg edilmeginiň, Daşoguz welaýatynda şaly ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmeginiň, welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek hem-de pile taýýarlamak boýunça netijeli işleriň alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini gazanmak, tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri berk gözegçilikde saklamagy, şeýle hem ýurdy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.