ÇaparPay goşundysynda «Döwlet söwda gözegçiligi gullugy» atly täze bölüm peýda boldy

ÇaparPay ykjam goşundysy öz hödürleýän hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmegi dowam etdirýär. Indi söwda işi bilen meşgullanýan telekeçiler administratiw jerimelerini çalt we amatly tölemek üçin «Döwlet söwda gözegçiligi gullugy» atly ýörite bölümden peýdalanyp bilerler.

Döwlet söwda gözegçiligi gullugyndan jerime tölegini alan telekeçiler ony gönüden-göni ÇaparPay ykjam goşundysynyň üsti bilen birnäçe gezek düwmä basmak bilen, öz wagtlaryny we serişdelerini tygşytlap, töleglerini geçirip bilerler.

«Döwlet söwda gözegçiligi gullugy» bölümindäki ähli amallar howpsuzlyk talaplarynyň berjaý edilmegi bilen geçirilýär, ulanyjylar bolsa soňky barlaglar geçirilende kanuny güýje eýe bolan tölegiň resmi tassyknamasyny alýarlar.

ÇaparPay ykjam goşundysyny Google Play we App Store girip, ýükläp alyp bilersiňiz.