
TNGIZT-iň eksport mümkinçiligi dünýä meýdançalarynda görkezilýär
Türkmenistanyň iri senagat kärhanalarynyň biri bolan Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) önümleri dünýäniň dürli künjeklerinde ýurdumyza wekilçilik edip, üç sany iri halkara meýdançasynda görkezilýär.
Möhüm wakalaryň arasynda Türkmenistanyň Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO-2025” Halkara ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmagydyr. Türkmenistanyň milli pawilýonynyň çäklerinde TNGIZT tarapyndan öndürilýän nebit-himiýa önümleriniň giň görnüşi halkara köpçüligiň ünsüni özüne çekdi. Bu sergä gatnaşmaklyk ýurduň eksport mümkinçiligini ösdürmegiň ugruna ygrarlydygyny açyp görkezýär hem-de uglewodorodlary gaýtadan işlemek babatda türkmen tehnologiýalary we çemeleşmeleri bilen tanyşdyrýar.
Munuň bilen birlikde, 5-nji maýda Eýranyň Gürgen şäherinde türkmen öndürijileriň harytlarynyň sergisi açylydy, onda Türkmenbaşy toplumynyň harytlary hem görkezilendir. Bu çärä gatnaşmaklyk Eýran we sebitiň beýleki ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilendir.
Mundan başga-da, TNGIZT-iň önümleri 13-18-nji maý aralygynda Kazan şäherinde geçiriljek “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” atly XVI Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde hem görkeziler. Çäre onlarça ýurtlaryň işewürlik we syýasy toparlarynyň wekillerini birleşdirip, türkmen nebiti gaýtadan işleýän pudagynyň mümkinçiligini açyp görkezmek üçin ýene bir pursat döreder.
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň nebit-himiýa pudagynyň öňdebaryjysy hasaplanylýar. Onuň kuwwatlyklarynda önümleriň giň görnüşi çykarylýar: benzin, uçar we tehniki kerosini, reaktiw we dizel ýangyjy, gara nebit, çalynýan ýaglar, polipropilen, peç ýangyjy, gazoýl, nebit elektrod koksy, suwuklandyrylan gazy, gurluşyk we ýol bitumy, kükürt, şeýle hem sintetiki ýuwujy serişdeler we beýlekiler.
TNGIZT-iň önümlerine diňe bir içerki bazarda däl, eýsem halkara bazarlarda hem isleg bildirilýär. Üpjün edijilik geografiýasy Russiýany, Germaniýany, Ispaniýany, Italiýany, Ýaponiýany, Hytaýy, Türkiýäni, Eýrany, Pakistany, Owganystany we beýleki ýurtlary öz içine alýar. Önümleriň ýokary hili halkara standartlara laýyk gelmegi bilen tassyklanylýar.
Kärhananyň 2025-nji ýyldaky ýokary işjeňligi Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynyň möhüm bölegi hökmünde hyzmat edip, ýurduň global ykdysady proseslere işjeň gatnaşmaga bolan islegine şaýatlyk edýär.