Gurbanguly Berdimuhamedow «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde «Buig» fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň rezidensiýasynda Marten Buig bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda işewür Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belledi hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Marten Buige salamyny ýetirdi we iri daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

Söhbetdeşlikde kompaniýanyň iki ýurduň arasynda bilim ulgamynda gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle-de Türkmenistanda fransuz dilini öwretmek boýunça goşýan goşandy barada aýdyldy. Kompaniýa tarapyndan gurlan fransuz diline ýöriteleşdirilen mekdebiň hereket edýändigi bellenildi.

Duşuşygyň barşynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmaga «Buig» fransuz kompaniýasynyň gatnaşmagynyň mümkinçiligine garaldy.

Marten Buig kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda mundan beýläk-de öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Marten Buig kompaniýa bildirilýän ýokary ynam üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagyň Fransiýa Respublikasyna saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.