
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýanyň Prezidentini we halkyny gutlady
Şu gün Portugaliýanyň halky ýurduň milli baýramyny, ýagny Portugaliýanyň gününi belleýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza we ýurduň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany pursatdan peýdalanyp, Prezident Marselo Rebelo de Souza berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Portugaliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.