Türkmenistan Ýakyn Gündogardaky häzirki ýagdaý baradaky garaýyşlaryny beýan etdi

Amerikan tarapynyň başlangyjy esasynda, şu gün ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau bilen Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, durmuş-medeni we beýleki ugurlarda uzakmöhletleýin oňyn tejribäniň gazanylandygyny nygtadylar diýip, daşary syýasat edarasy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, diplomatlar halkara we sebitara gün tertibiniň gyzyklanma bildirýän meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Ýakyn Gündogardaky häzirki ýagdaý we bu ugurda birnäçe ynsanperwer meseleleriň çözülmegi barada pikir alyşdylar. Şol bir wagtyň özünde, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan wekilçilik edilýän dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bitaraplyk derejesi üç gezek ykrar edilen döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara işlerinde işjeň we möhüm rol oýnaýandygy aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy islendik halkara meselelerini parahatçylykly çözmek ýörelgelerine berk eýerip, diplomatik serişdeleriň we usullaryň iň giň toplumyny ulanyp, Ýakyn Gündogardaky häzirki ýagdaýy çözmäge gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekiliniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik dostlukly we işjeň ýagdaýda geçirildi.