Türkmenistanyň işjeň diplomatiýasy: Telefon arkaly şöhbetdeşligiň üns merkezinde LLDC3-e taýýarlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi awgust aýynda Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) öňisyrasynda işjeň diplomatik hereketini görkezýär. 10-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe ýurtdaky kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem-de bu möhüm halkara foruma taýýarlygyň esasy taraplaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Telefon arkaly söhbetdeşlik Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Maksim Ryženkow, Moldowa Respublikasynyň Daşary işler ministri Mihaý Popşoý, Burundi Respublikasynyň Daşary işler we ösüş maksatly hyzmatdaşlyk ministri Albert Şingiro şeýle hem Çad Respublikasynyň Daşary işler, afrika integrasiýasy we daşary ýurtdaky çadlylaryň işleri boýunça Abdulaýe Sabre Fadul bilen geçirildi.

Bu söhbetdeşlikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň häzirki ýagdaýlaryny we olary giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Söhbetdeşler şeýle hem halkara gün tertibine umumy çemeleşmeleri nygtap, halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklara garadylar.

Bu gepleşikler LLDC3 maslahatynyň Türkmenistanyň halkara gün tertibindäki ornuny we giň goldawy emele getirmek hem-de bu möhüm çäräniň üstünlikli geçirilmegini üpjün etmek işine ýurduň işjeň gatnaşýandygyny görkezýär.